Banket Zaly

“Ak Altyn” myhmanhanasynyň banket zaly ýörite dabaraly çäreleri: toýlary, korporatiw agşamlary, tanyşdyrmalary, resmi kabul edişlikleri geçirmek üçin döredildi. Ol 400 adam üçin niýetlenen. Kaşan zal ilkinji bakyşda öz nepisligi we ägirtligi bilen haýran galdyrýar.

Zalyň yşyklandyrylyşy, stollaryň ýerleşdirilişi, bezegi çärä laýyklykda üýtgedilýär. Doly amatlyklar üçin bu ýerde ähli zatlar nazarda tutulan: iň döwrebap ähli saz enjamlary bolan sahna, ýaş çatynjalaryň, ýubilýaryň, hat-da emin agzalarynyň amatly ýerleşmekleri üçin prezidium. Banket zalynda Size aňrybaş menýu: milli we Ýewropa tagamlary hödürlener.

Biziň banket zalymyzda her bir myhmana aýratyn üns berilýär, şahsy menýu düzülýär.

Administrasiyamyz ýaş juwanlara „Ak Altyn“ myhmanhanasynyň kaşaň otaglarynyň birini bir gijelik ýörite bahada hödürlemäge şat bolar.

Comments are closed.