Myhmanhana Hakynda

Ak mermere beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşen „Ak Altyn“ myhmanhanasy 1994-nji ýylda ulanylmaga berildi. Açylan ilkinji gününden bäri „Ak Altyn“ myhmanhanasy özüniň köp taraply we ýokary hilli hyzmatlary bilen müşderileriň söýgüsini gazandy. Myhmanhana 8 gatly bolup, 133 otagdan ybarat, olaryň sanowy:

  • 77 sany bir orunlyk
  • 36 sany iki orunlyk
  • 19 sany lýuks
  • 1 prezident apartamenti

Ak Altyn işewürlik merkezi – bu iri daşary ýurt kompaniýalaryň Türkmenistandaky merkezleri bolup, olar birnäçe ýyllaryň dowamynda işewür hyzmatdaşlarymyz bolup durýarlar. Beýik Britaniýa, GFR ýaly döwletleriň ilçihanalary hem-de dünýä belli Shell, China Petroleum Engineering Co. Ak Altyn işewürlik merkeziniň hyzmatlaryna indirimli bahalar bilen dürli kompaniýalar bilen şertnamalaýyn ýerleşdiriş hyzmatlary degişlidir.

„Ak Altyn“ myhmanhanamyzda 40 adama niýetlenen, ýörite tehniki enjamlar bilen enjamlaşdyrlan mejlisler otagy hem bar.

Şeýle-de „Ak Altyn“ myhmanhanamyzda ýerleşýän lobbi bar, sagaldyş merkezi, sauna, açyk basseýn, gözellik salony myhmanlaryň isleglerini kanagatlandyryp bilerler.

„Ak Altyn“ myhmanhanamyzyň işgärleri müşderiniň myhmanhana gelen gününden başlap, tä çykyp gidýänçäler olar bilen aragatnaşykda bolýarlar.

Hyzmatlarymyz

Myhmanhana töleginiň içine girýän hyzmatlar:

  • Ertirlik nahary (07.00-dan 10.00 çenli)
  • Otagy gündelik arassalamak
  • Telewizordan peýdalanmak
  • Howuzdan peýdalanmak
  • Sauna (Du – 09.00-17.00; Si-Şe – 09.00-21.00; Ýe – 12.00-21.00)
  • Trenažor zalyndan peýdalanmak (Du – 09.00-17.00; Si-Şe – 09.00-21.00; Ýe – 12.00-21.00)
  • Ilkinji lukman kömegi
  • Ulag duralgasy

Myhmanhananyň tölegli hyzmatlary:

  • Internet
  • Türkmen halylaryny, şaý-seplerini, el işlerini satyn almak (iş wagty: 10.00 – 21.00)
  • Gözellik salony (iş wagty: 11.00 – 19.00; dynç alyş guni – ýekşenbe)
  • Kir ýuwujy bölümiň hyzmatlaryndan peýdalanmak (iş wagty: 08.00 – 19.00)
  • Restoran (gije – gündiz) we lobbi-bar (iş wagty: 17.00 – 24.00)
  • Otagdaky mini-bar
  • Otagda iýmitlendiriş hyzmatlary (gije – gündiz)
  • Halkara we şäherara telefon aragatnaşyklary, faks, kseroks

Comments are closed.